Türkmenistanly boksçy Aziýa oýunlarynyň ýarym finalyna çykdy

  • 02.10.2023 17:33
  • 15k+

Türkmenistanly boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda ýarym finala çykmagy başardy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

71 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän türkmen türgeni çärýek finalda mongoliýaly Tuguldur Býambatsogty tehniki nokaut arkaly ýeňlişe sezewar etdi.
Şeýlelikde, Baýramdurdy Nurmuhammedow özi üçin iň azyndan ýaryşyň bürünç medalyny kepillendirdi.

Öň habar berlişi ýaly, Baýramdurdy Nurmuhammedow Aziýa oýunlarynyň çäklerinde birinji söweşinde Daşkentde Dünýä çempionaty-2023-iň gatnaşyjysy Dawud Mahkamowy ýeňdi, ikinji söweşinde bolsa, tehniki nokaut bilen Palestinadan Nidal Fokahaadan üstün çykdy.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....