Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hakynda Düzgünnama kabul edildi

  • 02.10.2023 16:57
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Şol Düzgünnama şundan ybarat:

1. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
2. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly adam bähbitlerini ileri tutmak, olaryň mertebesini belende götermek bilen, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýär.
3. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilner.
4. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen:

  • döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan;
  • howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde işleri bitiren;
  • durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik edaralarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, meýletinçilik hereketini ösdürmekde uly goşant goşan;
  • eneligiň we çagalygyň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmeginde, enäniň we çaganyň abraýynyň hem-de mertebesiniň goralmagynda, jemgyýetde çagalara bolan mähirli garaýşyň kemala gelmeginde işleri bitiren;
  • howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermek, zerur bolan halatlarda ýörite operasiýalary we beýleki hyzmatlary etmek, saglygyny dikeltmek, öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyran;
  • ata-enesiniň howandarlygyndan galanlaryň, şeýle hem käbir ýagdaýlarda beýleki çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýardamlary we goldawlary beren;
  • hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary hem-de usuly taýdan kömek bermek işinde tapawutlanan;
  • haýyr-sahawat, hossarlyk we howandarlyk, meýletinçilik işine, bu ugurda iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalaryny ösdürmekde guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, amaly taýdan işjeň goldaw beren, şol sanda maddy we maliýe goldawlary, pul serişdeleri, beýleki bagyş etmeler bilen goşant goşan;
  • bu işleri wagyz-nesihat etmekde tapawutlanan;
  • ösüp gelýän ýaş nesilde Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin işleri bitiren;
  • ýaş nesliň türkmen halkynyň taryhy we milli däpleri, ruhy-ahlak gymmatlyklary hem-de dünýä medeniýetiniň gazananlary esasynda terbiýelenmegine goşant goşan;
  • çagalaryň we ýaşlaryň iň gowy bähbitleriniň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, bu işleriň halkara derejede ykrar edilmegine goşan goşantlary üçin ýokary ynsanperwer, adamkärçilikli, kärine, halkymyza, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza wepaly bolan lukmanlar, mugallymlar, terbiýeçiler, ylmy, döredijilik, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki raýatlary sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanylýar.
6. Medala mynasyp bolan adama Türkmenistanyň «Arkadag» medaly we şahadatnamasy, onuň ýany bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgat dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......