ABŞ-nyň Harby howa güýçleri 5 adamlyk uçýan taksini synagdan geçirýär

  • 01.10.2023 23:33
  • 19k+

ABŞ-nyň Harby howa güýçleri Amerikanyň «Joby Aviation Inc.» kompaniýasyndan ilkinji aerotaksiniň nusgasyny aldy diýip, TASS habar berýär.

«Joby» ýakynda ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň Edwards bazasyna ilkinji aerotaksiniň nusgasyny gowşurdy» diýip, kompaniýada habar berdiler.
Enjamlar ABŞ-nyň Harby howa güýçleri bilen şertnama esasynda bazanyň ýerleşýän Kaliforniýa ştatyna eýýäm getirildi.
Şertnamanyň bahasy 130 million dollardan gowrakdyr. Kompaniýa ABŞ-nyň Harby howa güýçlerine we federal agentliklerine 10-a çenli aerotaksini ibermegi öz üstüne alýar.
Täze model bir uçarman we dört ýolagçy üçin niýetlenendir, ol 454 kg çenli ýük göterip biler. Aerotaksi sagatda 322 km tizlige çenli ýetip biler. ABŞ-nyň Harby howa güýçleri şeýle tehnologiýalary ösdürmäge gyzyklanma bildirdi, sebäbi elektrik hereketlendirijileri bilen işleýän uçarlara tehniki taýdan hyzmat etmek has aňsat. Mysal üçin, harbylar aerotaksileri Ýuwaş ummanynda gysga aralyklara şahsy düzümi we ýükleri daşamak üçin ulanyp bilerler.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......