Messi we Ronaldu ýene biri-birine garşy oýnap biler

  • 01.10.2023 08:34
  • 25k+

Halkara marketing kompaniýasy “Inter Maýami” bilen “Al-Nasryň” arasynda ýoldaşlyk oýnuny guramakçy bolýar. Bu barada žurnalist Ali Al-Enezi öz “Twitterinde” habar berýär diýip, championat.com belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu oýna Kriştianu Ronaldu bilen Lionel Messiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Ýoldaşlyk oýnunyň Hytaýda geçirilmegine garaşylýar.
Ýatlap geçsek, Messi 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýamä” geçdi. Oýunçynyň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenýär. Ronaldu, öz gezeginde, 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri “Al-Nasrda” çykyş edýär. Onuň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenýär.
Öň, Messi we Ronaldu Ispaniýanyň çempionatynda çykyş edýärdi. Argentinaly hüjümçi “Barselonada”, Ronaldu “Realda” oýnaýardy.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....