“Barselona” 2022/23-möwsüminiň jemi boýunça arassa girdeji barada habar berdi

  • 01.10.2023 08:11
  • 11k+

2022/23-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça “Barselonanyň” arassa girdejisi 304 mln ýewro boldy. Bu barada Ispaniýanyň futbol klubunyň resmi saýtynda ýerleşdirilen hasabata salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Hasabata görä, bellenilen döwürde “Barselonanyň” girdejisi 1,259 mlrd ýewro, çykdajysy 1,165 mlrd ýewro boldy. Bellenilişi ýaly, klubuň arassa girdejisi 2021/22-möwsümi bilen deňeşdirilende ýokarlandy.
Girdejiniň artmagy netijesinde kluba yzygider ikinji möwsüm umumy bergisini azaltmak başartdy. Ol 2021-nji ýyldaky 680 mln ýewrodan 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli ýagdaýa görä 552 mln ýewro çenli azaldy.
“Barselonanyň” 2023/24-möwsümi üçin býujeti barada aýdylanda, klub 859 mln ýewro möçberde girdeji we salgyt töleglerinden öň 11 mln möçberde düşewünt aljakdygyny çaklaýar. Girdejiniň we düşewündiň azalmagy “Kamp Nou” stadionynyň täzelenmegi bilen baglanyşyklydyr, bu sebäpli “Barselona” şäheriň Olimpiýa stadionynda çykyş etmeli bolýar.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......