Malaýziýaly 10 ýaşly mekdep okuwçysy gözi daňylgy ýagdaýda küşt rekordyny goýdy

  • 30.09.2023 17:00
  • 16k+

Malaýziýadan zehinli 10 ýaşly gyzjagaz gözi daňylgy küşt döwüsini çalt ýerber-ýer goýuşdyrmak boýunça rekordy täzeledi. Ol 45,72 sekuntda gara we ak mallary öz başlangyç orunlaryna goýmagy başardy diýip, MIR24 habar berýär.

Punitamalar Rajaşekar bäş ýaşynda küşt oýnap başlaýar. Ol mekdebinde iň gowy küşt oýunçysy bolup, umumymilli ýaryşlara yzygiderli gatnaşýar we Halkara küşt federasiýasynyň agzasydyr. Ony öz kakasy türgenleşdirýär.
Mekdep okuwçysy adamlaryň ajaýyp üstünlikleri baradaky dokumental filme tomaşa edeninden soň dünýä rekordyny goýmak kararyna gelýär. Ol öz maksadyny goýmak we mümkinçilikleriniň çäginden çykmak pikiri bilen ruhlanýar. Gyzjagaz usullaryna we strategiýalaryna düşünmek üçin öňki rekord eýeleriniň wideolaryny öwrenip başlaýar. Rekorda taýýarlanmak üçin ol dört aý sarp etdi diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenilýär.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......