Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady

  • 30.09.2023 11:01
  • 8.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hormatly ýaşulularyny, mähriban enelerini Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. 

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesillerimiziň mertebesiniň, hormat-sarpasynyň has-da belentdigini alamatlandyrýan bu halkara baýramyň il sylagly ýaşulularymyzyň, mähriban enelerimiziň, ähli watandaşlarymyzyň ruhuny has-da belende göterip, gülläp ösüşlere gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine berk ynanýaryn» - diýlip, Gutlagda aýdylýar.
«Dilleri senaly ýaşulularymyzyň makullamagynda we goldamagynda başy başlanýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady hem-de medeni özgertmelerine höwesli gatnaşýan bagtyýar ýaşlarymyz bilimdir ylym-hünär derejeleri, ukyp-başarnyklary, Watanyň, il-günüň, adamzadyň öňündäki jogapkärçilik duýgulary bilen özleriniň tutanýerliligini görkezýärler. Her bir işde ýaşululara — atalarymyzdyr enelerimize sala salýan, pederlerimiziň baý durmuş tejribesini, çuňňur mazmunly öwüt-ündewlerini goldanýan ýaşlarymyz bu gün durmuş-ykdysady, medeni-sport, jemgyýetçilik-syýasy we ynsanperwer-döredijilik ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri bilen ýurdumyzyň at-abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşýarlar. Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdýan ýaşulularymyzyň göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir» diýlip, Gutlagda bellenilýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......