Polşa 2036-njy ýyldaky tomusky Olimpiadany geçirmek isleýär

  • 29.09.2023 15:12
  • 2.1k+

Polşa 2036-njy ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryny özünde kabul etmek isleýär. Bu barada respublikanyň prezidenti Anjeý Duda žurnalistlere aýtdy diýip, rsport.ria.ru habar berýär.

“Men, Polşanyň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylygy, Sport we syýahatçylyk ministri we onuň işgärleri, hökümet bilen geçirilen maslahatlaryň netijesi boýunça, biziň islegimiziň we maksadymyzyň 2036-njy ýylda ýurdumyzda tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin göreşip başlamakdygyny aýtmak isleýärin” – diýip, Duda belledi we ýakyn günlerde Halkara komitetiniň başlygy Tomas Baha degişli haty taýýarlajakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Duda Polşanyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny guramakda tejribesiniň bardygyny we ýurtda köp sanly döwrebap sport desgalarynyň bardygyny hem-de Polşanyň dürli, şol sanda ýol infrastrukturasyny giňeltmegi dowam etdirýändigini belledi.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.4k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...