Aşgabatda Halkara ýaşulular güni mynasybetli çäre geçirildi

  • 29.09.2023 14:20
  • 9.9k+

28-nji sentýabrda, penşenbe güni paýtagtymyzyň «Desterhan» toý mekanynda Halkara ýaşulular gününe bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Ýaşulular üçin dabara Aşgabat şäheriniň Ýaşululary we maýyplygy bolan adamlary durmuş taýdan goramak müdirligi tarapyndan gurnaldy. Bu barada ýurdumyzyň Mahabat müdirligi habar berdi.

Bu dabaraly çärä A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatrynyň artistleri çagyryldy. Olar dabaranyň dowamynda «Biziň ýaşlygymyzyň aýdymlary» maksatnamasy bilen çykyş edip, weteranlar bilen bilelikde uruş ýyllarynyň aýdymlaryny aýtdylar, goşgy okadylar, tanslary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurdumyzyň ähli ýaşuly adamlaryny Halkara ýaşulular güni mynasybetli gutlaýar we olara uzak ömür, jan saglyk we bagtly durmuş arzuw edýär.
Halkara ýaşulular güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda yglan edildi. Bu baýramçylyk her ýyl tutuş dünýäde 1-nji oktýabrda bellenilip geçilýär. Türkmenistanda hem 1991-nji ýyldan bäri bellenilýär.


düýn 09:38
7.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

14.03.2026 10:01
956

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

14.03.2026 00:49
5.5k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...