Huawei kompaniýasy Bluetooth-yň ornuny tutjak tehnologiýasyny hödürledi

  • 27.09.2023 17:10
  • 8.2k+

Hytaýyň Huawei kompaniýasy gysga hereket radiusyna simsiz birleşmek üçin täze NearLink tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Innowasion önüm Wi-Fi bilen Bluetooth-yň artykmaçlyklarynyň birleşmesi bolup, gysga aralyklara maglumatlaryň çalt we energoeffektiw geçirilişini üpjün edýär. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, NearLink-iň kömegi bilen maglumat geçiriş tizligi Bluetooth-yň görkezijilerinden alty esse ýokarydyr, şol bir wagtyň özünde eglenme 30 esse az, energiýa sarp edilişi bolsa 60% pesdir.
Şeýle-de, hereket radiusynyň iki esse ýokarydygyny, mümkin bolan tor birikmeleriniň sanynyň bolsa, takmynan, 10 esse köpdügini bellemek gerek.
NearLink tehnologiýasy kompaniýanyň iň täze smartfonyna – Mate 60-a eýýäm girizildi. Onuň HarmonyOS operasion ulgamyna, şeýle-de Huawei-niň we onuň hyzmatdaşlarynyň önümlerine goşulmagyna-da garaşylýar.
Mundan başga-da, aglabasy Hytaýda ýerleşýän 300-den gowrak kompaniýa bilen işjeň hyzmatdaşyk barada habar berilýär. Ýöne Intel, Qualcomm, AMD we NVIDIA ýaly oýunçylar heniz taslama goşulmadylar.


16.01.2026 08:10
3.5k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.5k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...