Robert Lewandowski «Barselonanyň» XXI asyrda rekordyny goýdy

  • 26.09.2023 22:20
  • 15k+

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski klub üçin oýnalan ilkinji 50 oýnunda 35 gol geçirdi. Bu şu asyrda kataloniýaly oýunçylaryň arasynda gazanylan rekord netije.

Ikinji orunda 50 oýunda 33 gol geçiren kamerunly Samuel Eto'o ýerleşýär.
Polýak oýunçysy bu möwsümde bäş oýunda eýýäm üç pökgi geçirdi. Geçen möwsümde La Liganyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy (34 oýunda 23 gol).
23-nji sentýabrda “Barselona” bilen “Selta”-nyň duşuşygy geçen Ispaniýanyň Primýer ligasynyň 6-njy tapgyrynyň oýny tamamlandy. Duşuşykda myhmanlar hüjümçi Ýorgen Larseniň salan goly netijesinde 19-njy minutda hasaby açdylar. 76-njy minutda hüjümçi Anastasios Duwikasyň tagallasy bilen öňe saýlandy. Şeýle-de bolsa, bäş minutdan soň Robert Lewandowski bir pökgini yza çekdi. 85-nji minutda polýak oýunçysy goşa pökgi geçirdi we dört minutdan “Barselona”-nyň goragçysy Žoau Kanselu toparyny öňe çykardy. Şeýlelikde, duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 3: 2 hasap bilen tamamlandy. 


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....