Oktýabr aýynda iki hepde aratapawut bilen Günüň we Aýyň tutulmagy bolup geçer

  • 26.09.2023 11:39
  • 17k+

14-nji we 29-njy oktýabrda Günüň halka şekilli tutulmagyna we Aýyň bölekleýin tutulmagyna garaşylýar.

14-nji oktýabrda, Aşgabat wagty bilen 20:05-den 01:55-e çenli Günüň öňüne geçen Aýyň töwereginde otly halkanyň emele gelmegi bilen, Gün tutulmagyna garaşylýar. Iň ýokary tapgyr 0,95 bolar we Aşgabat wagty bilen 23:00-da synlamak bolar.

"Gün tutulmasy dürli tapgyrlarda Demirgazyk we Günorta Amerikada, Ýuwaş ummanynda we Atlantik ummanlarynda bolar" – diýip, Moskwa Planetariýasynda takykladylar.

29-njy oktýabrda Aşgabat wagty 00:36-dan 01:53-e çenli bölekleýin Aý tutulmasy bolar. Aý Ýeriň kölegesiniň demirgazyk böleginden geçer. Aý tutulmasynyň iň uly tapgyry 0,12 bolar we Aşgabat wagty 01:13-de synlamak bolar.

"Aý tutulmasy şol wagt nirede gije bolsa, şol ýerde görner. Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň ilaty (gündogar sebitlerden başga) Aý tutulmasynyň ähli tapgyrlaryny görerler" – diýip, planetariýada TASS-a düşündiriş berdiler we bu hadysany Ýewropa, Aziýa, Awstraliýa, Afrika, Demirgazyk sebitlerinde we Günorta Amerikanyň käbir böleklerinde, Ýuwaş, Atlantik, Hindi ummanlary, Arktika we Antarktida sebitlerinde hem syn etmek bolar diýip, sözleriniň üstüne goşdular.

Gün bilen Aýyň tutulmagy her alty aýdan bir gezek ýüze çykýar, olaryň arasyndaky wagt aralygy iki hepde. Şeýle pursatlarda Gün, Ýer we Aý bir hatara düzülýärler. Gün tutulmasy wagtynda Aý ortada, Aý tutulanda bolsa Ýer ortada bolýar.


düýn 16:54
6.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.5k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......