Habi Alonso geljek möwsümde Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi bolup biler

  • 26.09.2023 10:33
  • 12k+

Habi Alonso 2024/25 möwsümden Ispaniýanyň “Real” (Madrid) futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellener. Bu barada Ispaniýanyň Marca gazeti habar berdi.

“Real”-yň häzirki baş tälimçisi italiýaly Karlo Ançelotti. Iýul aýynda Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň (CBF) başlygy Ednaldo Rodriges Ançelottiniň 2024-nji ýylda Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etjekdigini habar berdi.
Habi Alonso 41 ýaşynda, 2022-nji ýyldan bäri ol nemes “Baýer”-ine ýolbaşçylyk edýär. Alonso oýunçy hökmünde 2009-njy ýyldan 2014-nji ýyla çenli Madridiň “Real”-ynda oýnady we toparyň düzüminde Ispaniýanyň çempiony, iki gezek milli kubogyň eýesi, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we UEFA-nyň super kubogynyň eýesi boldy. Şeýle hem, futbolçy Ispaniýanyň “Real Sosyedad”-ynyň we “Eýbar”-ynyň, iňlis “Liwerpul”-ynyň we Germaniýanyň “Bawariýa”-synyň düzümlerinde-de oýnady. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol dünýä çempionatynda we iki gezek Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.
Ispaniýanyň çempionatynyň 6 oýnundan soň “Real” 15 utuk toplady we sanawda 3-nji ýeri eýeledi. 5 tapgyrdan soň 13 utuk toplan “Baýer” Germaniýanyň çempionatynda 2-nji ýerde durýar.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....