“Mercedes-iň” eýeleri awtoulagyň içinden ses arkaly “akylly öýi” dolandyryp bilerler

  • 25.09.2023 13:54
  • 15k+

Mercedes-Benz öz MBUX ses kömekçisine täze funksiýany goşýar. Tehnologiýa ulanyjylara ses arkaly hojalyk tehnikasyny we howpsuzlyk enjamlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýän akylly öý funksiýasyny aldy. Täze MBUX Voice Assistant akylly öý funksiýasy Philips Hue, Samsung SmartThings, TP-Link we Chamberlain Group-dan myQ tehnikasyny goldaýar diýip, tarantas.news habar berýär.

Ulanyjylar gurluşlary we enjamlary dolandyryp bilýärler. Mysal üçin, çyralary ýakyp bilýärler, intellektual rozetkany, termostatlary, hereket detektorlaryny we garaž derwezelerini dolandyryp bilýärler. Hyzmat ulanyjylara ýönekeý ses soragynyň kömegi bilen käbir hojalyk enjamlarynyň we ulgamlarynyň ýagdaýyny barlamaga-da mümkinçilik berýär. Ulanyjylar: “Salam, Mersedes. Öýde ähli zat ýerbe-ýermi?” – diýip, sorap bilýärler. Bu soraga ulgam, mysal üçin, şeýle jogap berip biler: “ähli penjireler ýapyk, ýatylýan otagda bolsa heniz çyra ýanýar”. Täze täzelenme bir wagtyň özünde dürli akylly öý ulgamlaryny birikdirmäge mümkinçilik berýär.
Ulanyjylar: “Eý, Mersedes, meniň akylly öý akkauntymy birikdir” diýmek bilen, awtomobil arkaly öz akylly öý akkauntlaryny birikdirip bilerler. Şol bir wagtyň özünde merkezi displeýde QR kody peýda bolýar we ulanyjylar smartfonlarynyň kömegi bilen ony skanirläp, prosesi optimizirläp bilýärler. Şeýle-de, ulanyjylar Mercedes me Connect ykjam goşundysy arkaly akkauntlary goşup bilerler.
Täze funksiýalar toplumy şu aý peýda bolar, Mercedes öz MBUX ulgamy üçin uly täzelenmäni çykarar. Belläp geçsek, Mercedes 2025-nji ýyla çenli MBUX ulgamynyň üçünji neslini taýýarlaýar.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....