Türkmen türgenleri XIX Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

  • 24.09.2023 15:16
  • 13k+

23-njin sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin yklymyň iň iri ýaryşyny açyk diýip yglan etdi. Açylyş dabarasyna türkmen türgenleri hem gatnaşdylar.

Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Raja Randhir Singh, Kambojanyň Patyşasy Norod Sihamon, Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Asad, Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy şeýh Meşal al-Ahmad al-Jaber as-Sabah, Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dak Su, Malaýziýanyň Mejlisiniň Başlygy Johar bin Abdul, Bruneý Soltanynyň wekili şazada Haji Sufri Bolkiah, Katar Emiriniň wekili şeýh Joaan ben Hamad bin Halifa Al-Tani, Iordaniýanyň şazadasy Feýsal bin Huseýn, Tailandyň şazada gyzy Siriwannawari we beýlekileri gatnaşdy.
Hançžou şäherindäki Aziýa oýunlary koronawirus pandemiýasy sebäpli bir ýyl yza süýşürildi. Hytaý mundan ozal, 1990-njy ýylda Pekin şäherinde we 2010-njy ýylda Guançžou şäherinde Aziýa oýunlaryny kabul edipdi.
Aziýa oýunlaryny Hançžouda geçirmek karary 2015-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 34-nji Baş Assambleýasynda Aşgabatda kabul edilipdi.


düýn 15:38
1.6k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....