Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň eksportyny artdyrdy

  • 22.09.2023 15:38
  • 5.8k+

Türkmenistan Hytaýa turbogeçirijiler arkaly gaz eksport etmekde birinji orny saklaýar. Muny Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, Orient habar berýär.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistan Hytaýa umumy bahasy 6,63 mlrd dollar bolan tebigy gazy eksport etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% köpdür.
Hytaýa turbogeçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmek boýunça Russiýa ikinji orny eýeleýär. Ol geçen sekiz aýda Hytaýa 4,46 mlrd dollarlyk tebigy gaz iberdi, bu bolsa geçen ýyla garanyňda 86,4% köpdür. Bellenilen döwürde Mýanma Hytaýa gaz eksportyny 16,2% artdyrdy, umumy görkeziji 993,94 mln dollara deň boldy. Turbogeçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermekde Gazagystan degişli görkezijini 2,3% ýokarlandyryp, umumy bahasy 782,91 mln dollar bolan gaz eksport etdi. Özbegistan bolsa eksporty 40% ýokarlandyryp, 370,57 mln dollarlyk tebigy gaz iberdi.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...