Türkmen dzýudoçylary Hançžouda geçirilýän XIX Aziýa oýunlaryna geldiler

  • 22.09.2023 15:57
  • 10k+

21-nji sentýabrda türkmen dzýudoçylaryndan ybarat topar şenbe güni Hytaýyň Hançžou şäherinde açylýan XIX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin şähere geldiler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Olar soňky 1,5 aýy Zagrebde, Walensiýada, Daşkentde we Bakuwda geçirilen ýaryşlarda we türgenleşik ýygnanyşyklarynda geçirdiler.
Dzýudoçylarymyz Hançžoudaky Aziýa oýunlaryna Azerbaýjanyň paýtagtyndan Urumçiniň üstünden üstaşyr geçip bardylar, olar iki uçarda jemi 10 sagat uçdular.
Toparyň düzüminde 8 türgen bar: dört erkek we dört zenan. Olaryň ählisi köp sanly daşary ýurt ýaryşlaryna gatnaşyjylardyr, ýöne Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş ederler. Olaryň arasynda halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri we baýrakçylary, şol sanda 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga dalaşgärler hem bar.
Aziýa oýunlarynyň programmasynda dzýudoçylaryň ýaryşy 24-nji sentýabrda başlar.
Ýatlap geçsek, dzýudodan başga-da, Aziadada türkmen türgenleri 3x3 basketbolynda, boksda, erkin we grek-rim göreşinde, jiu-jitsuwda, kuraş göreşinde, karatede, ýeňil atletikada, suwda ýüzmekde, agyr atletikada we uşuda çykyş ederler. 


düýn 15:38
1.6k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....