Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün 42 ýaşaýar

  • 22.09.2023 15:05
  • 21k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow 42 ýaşaýar. Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny doglan güni mynasybetli daşary döwletleriň ýolbaşçylary we ýurdumyzyň Hökümet agzalary mähirli gutlaýarlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty mälim edýär.

“Russiýada Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ähli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlyga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berilýär. Biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklarymyzyň, bilelikdäki ysnyşykly işimiziň dowam etdirilmegine umyt edýärin” diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gutlagynda bellenýär.
“Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, Siziň bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardyryn” diýlip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli wise-premýerler, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyza ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......