Noýabr aýynda Aşgabatda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisi geçiriler

  • 21.09.2023 15:59
  • 26k+

Aşgabat şäherinde noýabr aýynda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada Eýranyň ýurdumyzdaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales mälim edýär diýip, TASS habarlar agentligi habar berýär.

Onda tehniki we inženerçilik hyzmatlarynyň, gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleri, gurluşyk, nebithimiýa, gaz we energetika pudaklarynda Eýranda gazanylanlar görkeziler. Şeýle hem, Eýranyň ulag w eşähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşiniň gatnaşmagynda iki ýurduň hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler.
Belläp geçsek, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirilipdi.


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......