Ançelotti “Realda” Zidanyň üstünliginden öňe geçdi

  • 20.09.2023 11:52
  • 15k+

“Real” La Liganyň 5-nji tapgyrynda öz öýünde “Real Sosýedady” utdy – 2:1. Bu ýeňiş Madridiň toparynyň başynda Karlo Ançelotti üçin 173-nji boldy. Ol Zinedin Zidandan öňe geçdi we indi klubuň taryhynda ýeňiş sany boýunça ikinji orny eýeleýär diýip, madridlileriň resmi saýty habar berýär. Muny championat.com ýetirýär. Rekord 357 ýeňiş gazanan Migel Munýosa degişlidir.

Ançelotti La Ligada 112, Çempionlar ligasynda 36, Ispaniýanyň Kubogynda 17, Klublaýyn DÇ-de dört, Ýewropanyň Super kubogynda iki we Ispaniýanyň Super kubogynda iki oýunda ýeňiş gazandy. “Real” 64 ýaşly italiýaly hünärmen bilen 10 titula eýe boldy – iki Çempionlar ligasynyň, iki Klublaýyn dünýä çempionatynyň, iki Ýewropanyň Super kubogynyň, iki Ispaniýanyň kubogynyň, bir La Liganyň we bir Ispaniýanyň Super kubogynyň tituly.
Karlo Ançelotti 2024-nji ýylda Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder. Öň, bu barada Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň başlygy Ednaldu Rodriges habar berdi.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....