Türkmenistan azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi

  • 20.09.2023 07:32
  • 7.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. 

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «COVID-19» pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesi çözülmedik, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy. 
Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende agzybirlik, tutanýerlilik we aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir.
Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütleriň, täze çemeleşmeleriň zerurdygyny Prezident aýratyn belledi.

«Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä Azyk Maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär» – diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Türkmenistanyň paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygymyzy Serdar Berdimuhamedow mälim etdi.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......