Türkmenistanly türgenler ХIХ Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Hançjou şäherine gelip başladylar

  • 19.09.2023 14:03
  • 27k+

Türkmenistanly türgenleriniň birinji tapgyry 23-nji sentýabr — 8-nji oktýabr aralygynda ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Hançjou şäherine bardy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

Aziýa oýunlary — Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň howandarlygynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýän sport ýaryşydyr. Oňa yklymyň 45 döwletinden türgenler gatnaşyp, olar sportuň 61 görnüşi boýunça medallar ugrunda göreşýärler.
Türkmenistan sekizinji gezek Aziýa oýunlaryna gatnaşýar. Hançjouda geçiriljek şu ýylky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hataryndan orun alan 67 türgen sportuň 12 sany — 3х3 basketbol, erkin we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş, karate-do, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu görnüşleri boýunça medallar ugrundaky göreşe goşular.
Düzüminde boks, uşu we suwda ýümzek boýunça sportçylar bolan türkmen türgenleriniň birinji tapgyry Urumçiniň üsti bilen Aşgabatdan Hançou şäherinde bardylar. Ýoluň umumy dowamlylygy 8 sagada deň boldy.


düýn 15:38
1.6k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....