Aşgabat gipermarketi Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli uly arzanlaşyk aksiýasyny geçirýär

  • 19.09.2023 11:49
  • 60k+

«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Aşgabat» gipermarketi Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy mynasybetli uly arzanlaşyk aksiýasyny yglan etdi.
Aksiýa 18- 27-nji sentýabr aralygynda dowam eder.
Aksiýanyň dowamynda gök önümler bölüminde dürli arzanlaşyklar, şeýle hem gipermatketiň egin-eşik bölüminde Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli 32% ARZANLAŞYK hereket edýär.

«Aşgabat» gipermarketi eltip bermek hyzmatynyň hem doly güýjünde hereket edýändigini ýatladýar. Islendik adam öýde oturan ýerinden jaň arkaly sargytlaryny berip bilersiňiz. 350 manatlyk söwda etjekler üçin eltip bermek hyzmaty MUGT.
Mundan başga-da, gipermarket ýörite ulag iberip, isleg bildirýän müşderileri öýlerinden alyp gaýtmak we soňundan öýlerine eltip bermek hyzmatynyň bardygyny hem mälim edýär. Munuň üçin müşderiler 500 manatlyk söwda etmeli.
«Aşgabat» gipermarketi gündelik hojalyk üçin zerur harytlardan başlap, uly tehnikalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerde diňe bir azyk ýa-da hojalyk harytlary däl, eýsem, müşderiniň bazardan tapyp biläýjek (hatda bazarda duş gelmeýän hem bolup biler) ähli harytlary bar.

Iş wagty 08:00-dan 23:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin:
60-27-77 - eltip bermek hyzmaty;
+99365 81-22-92 – öýüňizden alyp gaýtmak we eltmek üçin


06.04.2026 11:49
17k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

30.03.2026 11:13
13k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......

16.03.2026 15:11
12k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

06.03.2026 19:12
105k+

Ýerasty çeşmelerden dury suw: «Sarwan» agyz suwunyň täze standartyny hödürleýär

Aşgabadyň agyz suwy bazarynda täze brend — «Sarwan» işe başlady. Kompaniýa artezian suwuny çykarmak we tiz eltip bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. «Sarwan» suwy çuň ýerasty artezian çeşme guýusyndan alýar. Şeýle çeşmäniň artykmaçlygy onuň tebigy filtrasiýasyndadyr: suw dag jynslarynyň dykyz gatlaklaryndan geçip, dürli garyndylardan arassalanýar we özüniň tebigy mineral düzümini saklaýar...