Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda nobatdaky söweşini 8-nji oktýabrda geçirer

  • 17.09.2023 23:54
  • 48k+

Türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda polşaly türgen Maseý Ružanskä garşy söweşer.

Ýarym agyr agram derejesindäki söweş Bellator 300 ýaryşynyň çäginde San-Diego (ABŞ) amerikan şäherinde geçiriler.
Ýatlatsak, Döwletjan özüniň soňky tutluşygyny şu ýylyň mart aýynda Bellator 292-de geçirdi. Şonda türkmen pälwany eminleriň biragyzdan karary bilen litwaly Julias Anglikasdan üstün çykdy.
34 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator bilen şertnama gol çekişdi. Ol bu guramadaky ilkinji türkmenistanly türgen boldy. Onuň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar.
Onuň garşydaşy — 34 ýaşly polşaly Maseý Ružanskiýniň hasabynda 14 ýeňiş we 4 ýeňliş bar.
Polşaly türgen soňky tutluşygyny şu ýylyň fewral aýynda Bellator 291 ýaryşynda geçirdi. Şol gezek ol utuk sany boýunça britaniýaly Karl Murdan ýeňildi.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......