Niderlandlarda Won Goguň 2020-nji ýylda ogurlanan suraty tapyldy

  • 15.09.2023 17:37
  • 20k+

Art-detektiw Artur Brand Niderlandlaryň polisiýa gullugy bilen hyzmatdaşlykda Winsent Wan Goguň üç ýyl mundan ozal ogurlanan “Nýuenende ruhanynyň bagy, ýaz” (1884-nji ýyl) suratyny gözläp tapdy. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, runews24.ru habar berýär.

Bu surat 2020-nji ýylyň mart aýynda Amsterdamyň golaýynda ýerleşýän Singer Lare muzeýinden ogurlandy. Ogry aýna gapyny döwüp, kartinany muzeýden çykardy. Polisiýa işgärleri suraty ogurlan adamy tapdylar we ol sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne Wan Goguň suraty tapylmandy.
Brandyň aýdyşy ýaly, Wan Goguň kartinasy Niderlandlarda tapyldy. Näbelli bolup galmak islän adam detektiwe plýonka dolanan kartinany berdi.
Suratkeşiň eseri 3-6 million ýewro bilen bahalandyrylýar.


20.04.2026 18:05
2.6k+

«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär

Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär....

30.03.2026 15:21
3.3k+

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýanyň ähtimal jaýlanan ýeri tapyldy

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýana degişli bolup biljek galyndylar tapyldy. Bu barada NOS teleýaýlymy habar berýär....

13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.8k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...