Google arzan flagmanlary öndürmegini bes eder

  • 12.09.2023 15:04
  • 5k+

Oktýabr aýynda çykjak «Google Pixel 8» smartfonlary öňküleri bilen deňeşdirilende azyndan 150 ýewro gymmat bolar. Bu barada HotUKDeals portaly habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, «Pixel 8» we «Pixel 8 Pro-nyň» Ýewropadaky başlangyç bahasy, degişlilikde, 799 ýewro we 1099 ýewro bolar, iň ýokary hilli nusgalary bolan «Pixel 8» 256 GB we «8 Pro» 512 GB üçin bahalar, degişlilikde, 859 ýewro we 1299 ýewro bolar.
Geçen ýyl «Pixel 7» Ýewropada 649 ýewrodan, «Pixel 7 Pro» bolsa ýewrodan satyldy. Şeýlelikde, kompaniýanyň smartfonlarynyň bahasy 150-200 ýewro ýokarlanar. Şeýle bolan ýagdaýynda, bu enjamlar flagman segmentinde iň arzanlaryň hatarynda bolmaz we bahasy bäsdeşleriniňki bilen deň bolar.
Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da «Google Pixel 8-iň» bahalary näbelliliginde galýar. Käbir bilermenler üýtgeşmeleriň bu bazardan sowlup geçjekdigine ynanýarlar. Mysal üçin, öňki nusgasy bilen deňeşdirilende bahasy ýokarlanan «Samsung Galaxy Z Flip 5» bu sebitde ozalky 999 dollarlyk bahasyny saklady.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....