Apple Qualcomm bilen iPhone üçin çip üpjünçiligi baradaky şertnamany üç ýyl uzaltdy

  • 12.09.2023 13:24
  • 7.3k+

Apple kompaniýasy Qualcomm bilen çip üpjünçiligi baradaky şertnamasyny 2026-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada ýarym geçirijileri işläp düzüjiniň habarynda aýdylýar diýip, forbes.kz belleýär. Bu Apple-iň öz çiplerini öndürmek isleginiň garaşylýandan has uzaga çekjekdigini aňladýar diýip, Bloomberg belleýär.

Qualcomm Apple kompaniýasyny 2024, 2025 we 2026-njy ýyllarda Snapdragon 5G modem ulgamlary bilen üpjün eder. Şertnamanyň bahasy mälim edilmeýär, ýöne Qualcomm onuň 2019-njy ýylda ylalaşylan öňki şertnama ýaly boljakdygyny habar berdi diýip, agentlik belleýär. Ylalaşyk baradaky habaryň netijesinde Qualcomm-yň paýnamalary deslapky söwdada 8%-den gowrak ýokarlandy. Apple-iň paýnamalarynyň bahasy 1,46% ýokarlandy.
Öňki şertnamanyň hereket ediş möhleti şu ýyl tamamlandy we iPhone 15 Qualcomm-yň modem çibi bilen enjamlaşdyrylan iň soňky gurluşlaryň biri bolmalydy. Ýöne şertnamanyň uzaldylmagy netijesinde Qualcomm Apple-iň üpjünçilik zynjyrynda öz ornuny saklar. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, Apple Qualcomm-yň iň esasy müşderisi bolup, girdejiniň tas dörtden bir bölegi onuň paýyna düşýär. Iki kompaniýanyň özara gatnaşygy Qualcomm-yň öz modeminiň smartfonlar üçin iň gowusydygy baradaky beýanyny tassyklamaga mümkinçilik berýär. Modem bolsa gurluşlara internete birikmäge we telefon jaňlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän möhüm komponentdir diýip, Bloomberg belleýär.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

19.05.2026 09:37
4.6k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.5k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.9k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....