Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Arkadag şäherine aýlanyp gördi

  • 11.09.2023 23:46
  • 25k+

Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherine aýlanyp gördüler. Myhmanlar elektrobusda täze şäheriň medeni-durmuş maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdylar.

Saparyň çäklerinde myhmanlar Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher döwlet kitaphanasyna bardylar. Russiýaly myhmanlar bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary, Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy, çagalar üçin niýetlenen bölüm bilen tanyşdylar. Olara asman jisimlerine gözegçilik etmek üçin niýetlenen obserwatoriýa hem görkezildi. Bu ýerde myhmana “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitap sowgat berildi.
Täze şähere gezelenjiň çäklerinde russiýaly wekiliýet Arkadag şäher döwlet ätiýaçlandyryş müdirliginiň hünärmeni Kerwen Durdygulyýewiň öýlerine myhmançylyga bardylar. Ol ýerde “akylly” öýlerde döredilen şertler we mümkinçilikler bilen giňden tanyşdylar.
Arkadag şäheriniň gözel künjekleri bilen tanyşlygyň barşynda, myhmanlar ýaşaýyş jaýynyň ýanyndaky 250 adama niýetlenen sadaka jaýy we “Nesip” söwda merkezi, onda türkmen telekeçileriniň öndüren ýokary hilli önümleri bilen hem tanyşdylar. Gezelenç Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp görmek bilen jemlendi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......