Arkadag we Sankt-Peterburg şäherleriniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

  • 11.09.2023 23:37
  • 17k+

11-nji sentýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde bolup, onuň çäklerinde şäheriň häkimliginiň binasynda Arkadag we Sankt-Petreburg şäherleriniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bilen Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory A. Beglowyň arasynda geçirilen gol çekmek dabarasyna russiýaly myhmanlar, häkimligiň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň çäklerinde “Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga” we “Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň arasynda 2023—2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna — “Ýol kartasyna” gol çekdiler.


şu gün 01:14
777

Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky täze bellenen ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Kroula ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu......

düýn 23:44
577

Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ylalaşyldy

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde 10-njy aprelde Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna......

düýn 23:42
235

Türkmenistan wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

10-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu......

düýn 23:38
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe täze kanun taslamalaryny kabul etmäge taýýarlanýar

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna......