Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Aşgabada geldi

  • 10.09.2023 20:26
  • 12k+

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Peterburgyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, resmi sapar bilen Aşgabada geldi.

Habar berlişi ýaly, Aşgabatda A.Beglow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar diýip, spbdnevnik.ru saýty habar berýär.
Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de beýleki resmi adamlar bilen duşuşyklar meýilleşdirildi.

Mundan başga-da, Peterburgyň gubernatory Arkadag şäherine baryp görer. Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bilen duşuşygyň çäklerinde Sankt-Peterburgyň Hökümeti bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekiler.
A.Beglow Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Leningradda gabawda bolan ýaşaýjylar bilen duşuşar. Duşenbe güni Aşgabatda «Dostluk» ýadygärliginiň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler. Bu ýadygärlik Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gabawda bolan Leningradyň ýaşaýjylaryny kabul eden türkmen halkyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde oturdylar.
Saparyň maksatnamasynda şeýle hem, «Wozroždeniýa» peterburg kompaniýasynyň Türkmenistanda guran desgalaryna baryp görmeklik bar.


şu gün 09:32
721

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Antalýada «Geljegi meýilleşdirmek,......

şu gün 08:00
4.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

düýn 22:07
1.4k+

Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 28 million ABŞ dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 18 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 21:27
2k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......