Google Android-iň täze logotipini tanyşdyrdy

  • 10.09.2023 12:49
  • 5.3k+

«Android» ykjam operasion ulgamy dört ýyldan soň ilkinji gezek logotipini täzeledi. Täze surat we onuň düşündirişi «Google-yň» resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

2023-nji ýyldaky logotip öňki nusgadan, ilkinji nobatda, «Android» sözüniň ýazylyşy bilen tapawutlanýar. Öňki nusgada bu at kiçi «a» harpy bilen başlanýardy, indi bolsa baş «A» harpy ulanylýar. Operasion ulgamyň nyşany bolan robotyň keşbi hem üýtgedi – ol has göwrümli boldy.
«Droid» – «Android-iň» «ýüzi» we iň meşhur elementi - indi onuň keşbiniň has köp nusgasy we aýratynlyklary bar. biz onuň «Android-iň» özi ýaly dinamik görünmegini isledik. Şeýle hem onuň sanly we hakyky gurşawyň arasynda aňsatlyk bilen geçmegine mümkinçilik bermek üçin robotyň doly göwrümli görnüşini täzeledik, bu bolsa ony ähli ýaýlymlar, şeýle hem ähli platformalar we kontekstler boýunça köptaraply we ygtybarly ýoldaş edýär» diýlip, web sahypada bellenilýär.
«Google-yň» brend menejeri Jeýson Furnýeniň bellemegine görä, «Android-iň»  täze dizaýny enjamlaryň we programmalaryň arasyndaky baglanyşygy has gowy görkezýär. Şeýle hem täzelenme açyklygy, interaktiwligi we inklýuziwligi şöhlelendirýär. Täze logo adamlary täze we halaýan zadyny döretmäge höweslendirýär.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....