«Türkmenistan» awiakompaniýasy onlaýn satyn alnan biletleri yzyna gaýtarmagyň tertibini düşündirdi

  • 09.09.2023 15:02
  • 33k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan onlaýn satyn alnan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň tertibini düşündirdi. Bu barada awiakompaniýanyň saýtynda dolulygyna maglumat berilýär.

Awiakompaniýa diňe www.turkmenistanairlines.tm saýtyndan satyn alnan awiabiletleri elektron görnüşinde diňe şol saýt arkaly yzyna gaýtaryp berýär.
Onlaýn satyn alnan awiabileti yzyna gaýtarmak üçin degişli bolan çäreler:
Ýolagçy awiabiletiň pul serişdesini yzyna gaýtarmak hakynda arza doldurmaly. Ony şu salga basmak arkaly ýükläp bilersiňiz.
Doldurylan arzanyň bellenilen görnüşini info@turkmenistanairlines.tm elektron poçta salgysyna iberilmeli.

Awiabileti yzyna gaýtarmak üçin şu resminamalar talap edilýär:

  1. Uçuşy ýatyrmak hem-de awiabilete sarp edilen pul serişdelerini yzyna gaýtarmak hakynda doldurylan arzanyň nusgasy;
  2. Awiabileti yzyna gaýtarmak üçin ýolagçynyň töleg geçiren kartasynyň bank rekwezitleri; (bank tarapyndan ýa-da tehniki sebäplere görä kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda bank rekwezitleri awiakompaniýa tarapyndan talap edilende zerur bolup durýar).

Bilet yzyna gaýtarylanda, şu aşakdaky görkezilen tutumlar tutulýar:

  • - Yzyna gaýtaryljak pulyň mukdary hasaplanar: "Biletiň bahasy", yzyna gaýtarmak prosedurasy üçin töleg we howa arkaly daşaýjynyň uçuşy ýatyrandygy (uçuşdan ýüz öwürendigi) üçin jerimeler tutulyp alynýar.
  • - Programma gidiş senesiniň ýakynlygyna baglylykda, öz gezeginde nobata görä işlenýär.
  • - Ýerli ugurlarda gatnawa ýolagçynyň gelmändigi üçin 25% arassa ýolagçy nyrhyndan tutum tutulýar;
  • - Uçuş wagtyna 24 sagatdan az galanda we 3 sagatdan giç galynman tabşyrylan ýagdaýynda 10% arassa ýolagçy nyrhyndan tutum tutulýar;
  • - Howa gäminiň gatnawy ýerine ýetirmegine 3 sagatdan az galanda 25% arassa ýolagçy nyrhyndan tutum tutulýar;

Awiakompaniýa biletleriniň yzyna gaýtarylmagyny tassyklandan soň, pul serişdeleri 20 (ýigrimi) iş günüň içinde yzyna gaýtarylýar.

Awiabileti yzyna tabşyrmak üçin gerekli bolan maglumatlary online web sahypada ýa-da +993 (12) 39-17-78/ 39-17-47/ 39-17-70 awiakompaniýanyň telefon belgilerine jaň etmek bilen tanşyp bilersiňiz.


27.01.2026 22:15
12k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
6.7k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.5k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

12.01.2026 17:52
19k+

Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar...