Dünýäde 88 müň kriptomillioneriň bardygy hasaplanyldy

  • 08.09.2023 17:36
  • 10k+

Dünýäde 88 200 kriptomillioneriň bardygy hasaplanyldy we olaryň ýarysyna golaýy (40 500) öz emlägini bitkoinlerde saklaýar. Şeýle maglumatlar Henley & Partners kompaniýasy tarapyndan on ýyldan gowrak wagt bäri halkara hususy kapital migrasiýasynyň tendensiýalaryny yzarlaýan New World Wealth bilen bilelikde neşir edilen kriptobaýlyk baradaky ilkinji hasabatda getirilýär. Dünýäde kriptowalýutalaryň umumy bazar bahasy 1,18 mlrd dollara barabar. Häzirki günde 425 milliondan gowrak adam kriptowalýuta eýeçilik edýär diýip, forbes.kz belleýär.

Henley & Partners kriptowalýutalara biperwaý garamaýan ýurtlara baha bermek üçin täze Crypto Adoption Index-i işläp düzdi. Bu indeks köp sanly maglumat çeşmesine, şol sanda Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna we resmi hökümet statistikasyna esaslanýar.
Şeýlelikde, Singapur dünýäniň öňdebaryjy kriptowalýuta merkezi bolup, 83,76% netije bilen Henley Crypto Adoption Index-de birinji orny eýeleýär. Ýerli hökümet milli kriptowalýuta pudagynyň optimal ösüşi üçin bazaryň ähli gatnaşyjylary – banklar, guramalar we jemgyýetçilik bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar, salgyt ulgamy bolsa kriptowalýuta maýadarlary üçin amatlydyr. Ýurtda girdeji salgydy ýok.
Şweýsariýa kriptowalýuta infrastrukturasy, güýçli hukuk ulgamy we maýadarlar üçin gizlinlik we howpsuzlyk gurşawy netijesinde 78,17% bilen ikinji orny eýeleýär. BAE amatly salgyt ýagdaýy we jemgyýetçilik tarapyndan kriptowalýuta ekoulgamynyň kabul edilişi boýunça ýokary bal netijesinde 76,17% bilen üçünji orunda durýar.
Gonkong (76% bilen 4-nji orun), ABŞ (73,83% bilen 5-nji orun), Awstraliýa (71,83% bilen 6-njy orun) we Beýik Britaniýa hem (71,17% bilen 7-nji orun) kriptowalýutanyň kabul edilişi boýunça ýokary baha aldylar.
Kanada (67,33% bilen 8-nji orun), Malta (64,83% bilen 9-njy orun) we Malaýziýa (62,5% bilen 10-njy orun) kriptowalýuta maýadarlary üçin maýa goýum migrasiýasy programmalarynyň özüne çekiji görnüşlerini hödürleýän ýurtlaryň ilkinji onlugyna girýär.
Ýurduň kriptowalýuta bilen baglanyşykly işlere salgyt salmak boýunça çemeleşmesine baha berýän “salgyt dostlugy” ölçegi nukdaýnazaryndan Singapur we BAE indeksde 10-dan 10 bal aldy. Gonkong, Mawrikiý we Monako salgyt netijeliligi kategoriýasynda 10-dan 9 bal aldy, Antigua we Barbuda, Malaýziýa, Namibiýa we Şweýsariýa 10-dan 8 bal aldy.


düýn 05:00
4.2k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...

13.11.2025 11:16
5.1k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...

23.05.2025 13:00
14k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
8.9k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...