ABŞ-da howpsuzlyk ýassygy sebäpli 50 milliondan gowrak awtoulag yzyna ýygnalyp bilner

  • 07.09.2023 20:05
  • 23k+

ABŞ-nyň Milli ýol hereketi howpsuzlygynyň administrasiýasy köpçülikleýin yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etmek üçin deslapky karary kabul etdi. Ol näsaz howpsuzlyk ýassygy bilen enjamlaşdyrylan 50 milliondan gowrak ulaga degişli bolup biler. Bu mesele boýunça jemgyýetçilik diňlenişigini 5-nji oktýabrda geçirmek meýilleşdirilýär, şondan soň NHTSA öndürijileriň hökmany yzyna çagyrmak işini resmi taýdan başladyp biler.

Derňewiň esasy sebäpkäri bolan howpsuzlyk ýassyklary 2000-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli öndürilipdir. Bu döwürde diňe ABŞ-nyň özünde 12 dürli brendiň awtoulaglaryna oturdylan onlarça million enjam öndürilipdir.
NHTSA ARC we Delphi kompaniýalarynyň öndüren howpsuzlyk ýassyklary bilen baglanyşykly birnäçe hadysany derňeýär. Düzgünleşdirijide ýedi adamyň şikes alyp, bir adamyň ýogalmagy bilen bagly ýedi hadysa barada maglumatlar bardygy aýdylýar.
Agentlik kompaniýalar kemçilikli ýassyklary öndüripdir diýip hasaplaýar. Howa gysyjy kompressorlaryň korpusyny kebşirlemek şeýle bir usul bilen geçirilipdir welin, metal şlaklaryň galyndylary gazyň ýassyga girýän deşigini ýapypdyr. Netijede, howa gysyjyda basyş sazlap bolmajak derejede ýokarlanypdyr we partlapdyr.
Ýazgy edilen wakalaryň ilkinjisi 2009-njy ýylda, iň soňkusy - şu ýylyň mart aýynda bolup geçdi. NHTSA dört üpjün ediji kompaniýadan bölekleri alýan üç zawodda dürli wagtda öndürilen ýassyklar bilen enjamlaşdyrylan dört dürli markaly ulaglar bilen baglanyşykly ýagdaýlary öwrendi.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......