Günorta Koreýada itler üçin telewizor döretdiler

  • 04.09.2023 23:24
  • 20k+

Günorta koreýaly Sunny Wave Tech startapy Kickstarter platformasynda itler üçin ykjam telewizor hödürledi. Öndüriji Dogsplay displeýiniň itlere film görmek we aýdym diňlemek üçin niýetlenen dünýädäki ilkinji enjam boljakdygyny mälim etdi.

"Itleriň ömri adamlaryňkydan alty esse çalt geçýär, şonuň üçin hem öý haýwanlarymyzyň durmuşdan doly lezzet almagy gaty möhümdir" – diýip döredijiler ýazýarlar.

Enjamyň esasy aýratynlygy onuň itleriň görüş aýratynlyklaryna doly uýgunlaşdyrylan bolmagydyr. Adamlardan tapawutlylykda, olar sekuntda ortaça 70 kadr görüp bilýärler, biz bolsa diňe 30-syny görüp ýetişýäris. Şeýle hem, öý haýwanlary, adatça, şowa, ýagny ýakyndan gowy görýärler we daş-töweregindäki dünýäni diňe birnäçe öwüşginde görýärler. Görkezilen enjam itleriň ikitaraplaýyn görüşine sazlanýar we diňe gök, sary şekilleri we çal reňkiň käbir öwüşginlerini görkezýär.
Şeýle-de, işläp düzüjiler täze önümi döredenlerinde Samsung brendiniň daltonizm keselli adamlar üçin niýetlenen gajetler ulgamynda gazanan üstünliklerini peýdalanandygy mälimdir.
Gurluş itiň haýsy künjekden seredýändigine baglylykda, şekiliň ýygylygyny, doýgunlygyny we kontrastyny sazlamaga ukyply Dogflix tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Kompaniýa enjamy 2023-nji ýylyň noýabr aýynda bazara köpçülikleýin çykarmagy meýilleşdirýär.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....