ABŞ zenanlaryň ýaryşyna tomaşa etmäge gatnaşyk boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 02.09.2023 11:01
  • 10k+

ABŞ-nyň Milli student ligasynyň çempionatynyň “Nebraska” we “Omaha” zenan woleýbol klublarynyň arasyndaky oýny 92 003 tomaşaçy ýygnady. Bu aýal-gyzlaryň arasyndaky ýaryşlara gatnaşyk boýunça täze dünýä rekordydyr diýip, sport-interfax.ru habar berýär.

Öňki rekord 2022-nji ýylyň mart aýynda zenanlaryň arasynda futbol boýunça Çempionlar ligasynyň “Barselona” we “Real” ispan klublarynyň arasyndaky final oýnunda goýuldy. Bu oýna 91 553 adam gatnaşdy.
“Nebraska” – “Omaha” oýny Linkolndaky Memorial Stadium-da geçirildi. Arenanyň özi 85 458 adama niýetlenen, ýöne tomaşaçylar woleýbol meýdançasynyň (futbol meýdançasyna garanda kiçi bolup, dik durmak üçin ýerleri hem döretmäge mümkinçilik berýär) gönüden-göni töweregindäki giňişlikleri hem doldurdylar.
Duşuşyk “Nebraskanyň” partiýalarda 3:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.


düýn 21:03
1.3k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....