Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary çalyşdy

  • 02.09.2023 08:26
  • 18k+

Kakageldi Öwezgeldiýewiç Çaryýardurdyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary wezipesinden boşadyldy. bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, bu wezipä Azat Gadamowiç Jepbarow bellenilip, ol «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyldy.
Belläp geçsek, A.Jepbarow ozal «Nesil» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinde işledi, 2018-njy ýylyň mart aýynda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi.
Şu ýylyň fewral aýyndan bäri A.Jebparow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekili wezipesini hem ýerine ýetirýärdi.
K.Çaryýardurdyýew 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary wezipesine bellenilipdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......