Gwardiola möwsümiň iň gowy tälimçisi boldy

  • 01.09.2023 08:18
  • 5.6k+

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola UEFA tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyna eýe boldy. Bu barada championat.com habar berýär.

Bu baýraga dalaşgärleriň üçlügine ispaniýaly hünärmenden başga-da, italiýaly Simone Indzagi (“Inter”) we Luçano Spalletti (“Napoli”) girdi.
Ilkibaşda ses berişlik üçin geçen möwsümiň iň gowy tälimçileriniň gysga sanawy düzüldi. Soňra geçen möwsümde haýsydyr bir ýewrokubokda çykyş eden klublaryň baş tälimçileriniň hem-de UEFA agza ýurtlaryň milli ýygyndylarynyň halypalarynyň ses bermegi netijesinde iň gowy tälimçileriň üçlügi kesgitlendi. Şeýle-de, ses berenleriň arasynda ýörite saýlanan žurnalistler hem bardy.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....