Rahmon Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna çagyrdy

  • 31.08.2023 02:01
  • 30k+

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Bäşinji ýubileý Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Täjik Lideriniň çakylyk haty «Watan» habarlar gepleşiginde okaldy.

 

«Ozaly bilen şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda saparda bolanymda maňa bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.
Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk sebitimiziň möhüm meselelerini açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Öňde boljak duşuşygyň sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de biziň umumy öýümiz — Merkezi Aziýada howpsuzlygyň we durnuklylygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýlip hatda aýdylýar.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......