1-nji sentýabrdan Russiýada okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalary kabul edilip başlanar

  • 30.08.2023 17:12
  • 35k+

1-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2024-2025-nji okuw ýyly üçin kwotasynyň çäginde Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän daşary ýurtlulardan, şol sanda türkmen raýatlaryndan arzalary kabul etmeklik başlanýar. Bu barada ORIENT «Русский дом в Ашхабаде» Telegram-kanalyna salgylanyp habar berýär.

Hasaba alyş maglumat ulgamyna giriş şu salgy arkaly amala aşyrylýar.
Daşary ýurt pasportynyň skanirlenen nusgasyny, bilim hakyndaky resminamanyň nusgasyny goşup, surat ýelmenen we doldurylan sowalnamany, elektron arzany “RZU-wa (Russiýanyň döwlet edarasyna, ýagny Rossotrudniçestwa) barlamak üçin” ýagdaýyna geçirmek bilen, portal arkaly ibermeli.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewanyň habar bermegine görä, kwota ýerleriniň sany we kabul edişligiň meýilnamasy 15-nji sentýabrda kesgitlener.
Ýurtlarda dalaşgärleriň seçip alnyşyna degişli sowallar bilen Rossotrudniçestwanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalaryna ýa-da Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Goşmaça sowallar 2024/2025 okuw ýylynda Russiýada bilim almak meseleleri boýunça bilim, ylym we medeniýet bölüminiň tkm2024@mail.ru ýa-da telegram kanalyna poçta iberilip bilner.
Mundan başga-da, sentýabryň ortalaryndan başlap Aşgabatdaky Rus öýünde dalaşgärler üçin duşuşyklar geçiriler we şol döwürde Russiýada okamagyň mümkinçilikleri, okuwa girmegiň şertleri bilen tanşarlar we sowallaryna jogap alyp bilerler.
Arzalar 1-nji noýabra çenli kabul ediler.
2023-2024-nji okuw ýylynda 250 türkmen raýaty Russiýada mugt bilim almak mümkinçiligini aldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......