Mercedes 2024-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäde 2 müň sany elektromobillere çalt zarýad beriş stansiýasyny gurar

  • 30.08.2023 11:07
  • 6.2k+

Germaniýanyň awtomobil öndürijisi Mercedes-Benz Group AG 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tutuş dünýäde elektrokarlara çalt zarýad bermek üçin 2 müň sany stansiýa açmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, interfax.ru belleýär.

Ilkinji üç stansiýa eýýäm şu güýzde Atlantada (ABŞ), Çenduda (Hytaý) we Mangeýmde (Germaniýa) ulanylyşa giriziler. Onýyllygyň ahyryna çenli awtoöndüriji desgalaryň sanyny 10 müňe ýetirmegi maksat edinýär.
Stansiýalardan marka garamazdan islendik elektromobiliň eýesi peýdalanyp biler, sebäbi gurluşlar Tesla tarapyndan taýýarlanan demirgazyk amerikan standarty (NACS), kombinirlenen ulgamlar (CCS1 we CCS2), Guobiao (GB/T) hytaý standarty ýaly dürli zarýad beriş standartlaryny göterýär.
Germaniýanyň konserniniň elektromobilleriniň eýeleri käbir artykmaçlyklara eýe bolarlar, aýratynam, olar öňünden ol ýa-da beýleki bir zarýad beriş stansiýasyny ätiýaçlandyryp bilerler.
Mercedes-Benz kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy şu ýylyň başyndan bäri 9,7% ýokarlandy, DAX indeksi bu döwürde 13,3% ýokary galdy.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....