Aýa gonan hindi apparatyndan ilkinji maglumatlar: Aýyň üsti garaşylyşyndan gyzgyn bolup çykdy

  • 29.08.2023 15:04
  • 29k+

«Çandraýan-3» missiýasynyň gonuş moduly bilen Ýeriň tebigy hemrasyna eltilen hindi «Pragýan» Aý roweri Aýyň günorta polýusy hakyndaky pikirleri ret edýän ilkinji ylmy maglumatlary Ýere iberdi. Bu barada Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) X sosial ulgamynda (öňki Twitter) habar berdi.

Enjam Aýyň topragynyň temperaturasyny 10 sm çuňluga çenli ölçemäge ukyply mehanizli temperatura datçigi bilen enjamlaşdyrylandyr.
Neşir temperaturanyň grafigini hödürleýär.
ISRO-nyň işgäri Bi Darukeş Press Trust of India habar gullugyna bu netijeleriň hünärmenler üçin garaşylmadyk waka bolandygyny aýtdy.

"Biz Aýyň ýüzüniň temperaturasy 20-30 gradus aralygynda diýip bilýärdik, ýöne ol Selsiýa boýunça 70 gradus eken. Bu garaşylandan has ýokary" - diýip agentlik alymyň sözlerine salgylanýar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....