82 ýurduň raýatlary BAE-ne deslapky wizasyz baryp bilerler

  • 30.08.2023 07:34
  • 24k+

Indi 82 ýurduň raýatlary Birleşen Arap Emirliklerine öňünden wiza almazdan baryp bilerler. Bu barada BAE-niň Daşary işler ministrligine salgylanyp, “Al Khaleej” gazeti habar berýär. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

Ministrlik 82 ýurduň raýatlarynyň deslapky wizasyz girip bilýändigini, 115 ýurduň raýatlarynyň bolsa Birleşen Arap Emirliklerine girmezden öň wiza almalydygyny belledi. Mundan başga-da, BAE-niň Sanly hökümeti Pars aýlagynyň ýurtlarynyň raýatlaryna BAE-e gelmek üçin wizanyň ýa-da hemaýatkäriň zerur däldigini nygtap geçdi. Olar BAE-däki giriş portlaryna gelenlerinde diňe Pars aýlagynyň ýurdy tarapyndan berlen pasporty ýa-da öz şahsyýetini tassyklaýjy resminamany görkezip bilerler.
Şeýle-de, Sanly hökümet gelenlerinde wiza alyp bilýän raýatlaryň sanawyny çap etdi. Gelip çykan ýurduna baglylykda olara 30 günlük (goşmaça 10 gün ýeňillik döwri bilen) ýa-da 90 günlük giriş wizasy berlip bilner.
BAE-niň Sanly hökümeti wizadan ýa-da geleniňde almaly wizadan boşadylýan kategoriýa girmediklere giriş üçin rugsadyň gerek boljakdygyny düşündirdi. Saparyň maksadyna bagly bolan bu rugsat BAE-e gelmezden öň Ýaşama işleri we daşary ýurtlular boýunça baş edaradan alynmalydyr.
Belläp geçsek, BAE-niň pasporty abraýly orny eýeleýär. Häzirki wagtda ol Passport Index web-saýtynda birinji orny eýeleýär we dünýäde iň ýeňillikli pasport diýlip ykrar edildi. BAE-niň pasportlarynyň eýeleri 180 ýurda aňsatlyk bilen girip bilýärler, şol bir wagtyň özünde olardan 127-si öňünden wiza talap etmeýär, 53-üsi bolsa elektron wiza ýa-da howa menziline gelnende wiza hödürleýär.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...