Bloomberg: Apple alty ýyldan soň iPad Pro-nyň ilkinji uly täzelenmesine taýýarlanýar

  • 30.08.2023 07:33
  • 3.6k+

Apple özüniň iň gymmat we tehnologiki planşeti iPad Pro-nyň täzelenmesiniň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi diýip, forbes.kz belleýär. Onuň maglumatlaryna görä, täze planşetleri 2024-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýär we bu ýazdan ýa-da tomusdan ir bolmaz diýip, Gurman ýazýar.

Täzelenme alty ýylyň içinde – 2018-nji ýyldan, ýagny iPad Pro-nyň ýüz tarapynda “Öýe” düwmesi bolmadyk täze dizaýna eýe bolanyndan bäri ilkinji uly täzelenme bolar. Şondan bäri planşete täze prosessorlar, kameralar, ekran tehnologiýalary we sensorlar goşuldy, ýöne düýpli üýtgeşmeler bolmady. Gurman täze planşetleriň M3 prosessorlaryna (Apple olary heniz görkezmedi) hem-de OLED-ekranlaryna eýe bolup biljekdigini ýazýar. Täze modelleriň ekranynyň diagonaly 11 we 13 dýuým bolar, häzirki wagtda iň uly modeliň ekranynyň diagonaly 12,9 dýuýma barabar.
iPad üçin gurluşy noutbuk ýaly ulanmaga mümkinçilik berýän Magic Keyboard klawiaturasy hem täzelener: aýratynam, taçpad – kursory dolandyrmak üçin panel uly bolar. Magic Keyboard-yň häzirki wersiýasy 2020-nji ýylda peýda boldy.
Gurman täze modeller soňky döwürde pese gaçýan iPad satuwyna itergi berer diýip hasaplaýar. Planşet satuwynyň pese gaçyşy Samsung we Lenovo ýaly beýleki kompaniýalarda hem hasaba alynýar. Häzirki wagtda iPad Apple kompaniýasyna esasy segmentleriniň arasynda iň az girdeji getirýär.
Täze iPhone smartfonlarynyň we Apple Watch sagatlarynyň tanyşdyrylyşy 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabryna meýilleşdirilýär diýip, Gurman belleýär. Garaşylyşy ýaly, Apple täze iPhone 15 we 15 Pro modellerini görkezer. Olar üçin deslapky sargytlar 15-nji sentýabrda, satuw bolsa 22-nji sentýabrda başlap biler. Bloomberg oktýabr aýynda hem kompaniýanyň M3 prosessorynda işleýän Mac kompýuterlerini çykaryp biljekdigini ýazýar.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...