Hindistan 23-nji awgusty Milli kosmonawtika güni diýip yglan etdi

  • 28.08.2023 19:39
  • 7.8k+

Hindistan 23-nji awgusty, “Çandraýan-3” missiýasynyň modulynyň Aýa gonan gününi Milli kosmonawtika güni diýip yglan etdi. Bu barada respublikanyň premýer-ministri Narendra Modi habar berdi diýip, “Hindustan Times” gazeti belleýär. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Hindistanyň Kosmos gözlegleri guramasynyň (ISRO) alymlary bilen Bangalordaky ISRO-nyň komanda merkezinde duşuşyp, olary “Çandraýan-3” missiýasynyň modulynyň Aýa üstünlikli gonmagy bilen gutlady.

“Biz ýaşlarymyzy ylym, tehnika we kosmos işlerine gatnaşmaga höweslendirmek üçin, 23-nji awgusty – “Çandraýan-3” enjamymyzyň Aýa üstünlikli gonan gününi Milli kosmos güni hökmünde bellemek kararyna geldik” – diýip, gazet Hindistanyň premýer-ministriniň sözlerini getirýär.

Modi “Çandraýan-3” enjamynyň Aýa gonan nokadynyň “Şiwaşakti nokady” diýlip atlandyryljakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Şeýlelik bilen, ol aýal-gyzlaryň Hindistanyň kosmos programmasyna gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.


düýn 22:08
1.1k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....