Pariž Ýewropada ilkinji bolup şäherde elektroskuterleri gadagan etdi

  • 28.08.2023 19:36
  • 14k+

1-nji sentýabrdan başlap, Parižde elektrik skuterlerini kärendesine almak mümkin bolmaz diýip, RTBF teleýaýlymy ýekşenbe güni habar berdi.

Ýaýlymyň habaryna görä, şäher häkimligi köpçülige elektrik skuterlerini bermek hyzmatyny gadagan eden ilkinji Ýewropa paýtagty boljak Parižde bu ulaglaryň bir toparyny ýerleşdiren üç hususy operator bilen şertnamalary uzaltmak niýeti ýok.
Bu hyzmaty üpjün edijiler awgust aýynyň ahyryna çenli Parižiň köçelerinden skuterleri aýyrmaly.
Bu karar şäherdäki elektrik skuterlerini ulanmak boýunça geçirilen referendumyň netijelerine esaslanýar. Ses berişlige 100 müňden gowrak parižli gatnaşdy. 2-nji aprelde geçirilen referenduma gatnaşanlaryň 89% -i bu gadagançylyga ses berdi.
Şeýle ses berişligiň sebäbi şäheriň çar künjegine bitertip ýaýradylan skuterleriň döredýän kynçylyklary, esasanam, ony ulanyjylarynyň howpsuzlygy baradaky alada bolup durýar.


19.06.2026 20:02
1.3k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
3.8k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.8k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....