Messi kolumbiýaly repçiniň aýdymynda surata düşdi

  • 28.08.2023 11:45
  • 14k+

«Inter Maýami» toparynyň argentinaly futbolçysy Lionel Messi Trofeo («Kubok») aatly aýdymyň klipinde surata düşdi. Bu barada gazeta.ru «Goal» neşirine salgylanyp habar berýär.

Bu aýdymy «Maluma» sahna ady bilen tanalýan Huan Luis Londonýo Arias we Yandel diýlip tanalýan puerto-rikaly aýdymçy Ýandel Wegilýa Malawe ýerine ýetirdi.
Klipiň ahyrynda 36 ýaşly argentinaly futbolçy «Inter Maýaminiň» köýnekçesinde toparyň stadionynda peýda bolýar hem-de täze topary bilen gazanan ilkinji we karýerasyndaky 44-nji kubogyny – Ligalaryň kubogyny Messiniň familiýasy ýazylan köýnekçede duran Maluma gowşurýar. Klip repçiniň elinde kubok bilen meýdançada tans etmegi bilen tamamlanýar.
Messi Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynda iki ýyl çykyş edenden soň 2023-nji ýylyň tomsunda «Inter Maýami» toparyna geçdi.
Täze toparyň düzüminde sekiz oýundan soň Messiniň 10 goly we 3 ýardam pasy bar. 20-nji awgustda argentinaly futbolçy Amerikadaky ilkinji kubogyny gazandy. «Inter Maýami» çempionatyň aýgytly oýnunda 11 metrlik jerime urgulary tapgyrynda «Neşwili» ýeňip (10:9), Ligalaryň kubogynyň eýesi boldy.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......