Türkmen samboçylary Çolpon-Atada geçen Dünýä Kubogynda bäş medal gazandylar

  • 26.08.2023 17:24
  • 19k+

Gurgyzystanda Çolpon-Atada 21-24-nji awgustda geçirilen Dünýä kubogynda türkmen samboçylary bäş medal — bir kümüş we dört bürünç medal gazandylar.

Türkmenistanyň düzüminde ýeke-täk kümüş medaly 88 kg-a çenli agram derejesinde sport sambosy boýunça Parahat Bäşimow gazandy. Final duşuşygynda ol Russiýadan gelen Şamil Gajiýewden ýeňildi.
Bürünç medallary Muminjan Arzykulow (64 kg-a çenli), söweşjeň samboda bolsa Meýlis Nyýazmeňliýew, Kerimberdi Döwletow (ikisi hem 64 kg-a çenli), Şatlyk Çaryýew (79 kg-a çenli) gazandy.
Çempionata 11 döwletden üç ýüzden gowrak türgen gatnaşdy — Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, BOlgariýa, Ysraýyl, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa we Özbegistan.
Şu ýylda sambo boýunça iki sany Dünýä kubogy geçirilýär. Birinjisi şu gezek Gyrgyzystandan geçdi, ikinjisi sentýabrda Serbiýada geçiriler.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......