Samsung rekord derejede ýagty ekrany bolan smartfon çykarar

  • 26.08.2023 14:03
  • 11k+

Günorta Koreýanyň «Samsung» korporasiýasy öňdäki paneliniň ýagtylygy rekord derejede bolan smartfon taýýarlaýar. Bu barada «SamMobile» neşiri habar berýär.

Portalyň žurnalistleri alnan maglumatlar esasynda «Samsung-yň» nobatdaky flagmanynyň ekranyň ýagtylygynyň azyndan 2200 nit boljakdygyny aýtdylar. Başga bir çeşmede öňdäki paneliň has güýçli boljakdygy – onuň ýagtylygynyň 2500 ýa-da 2800 nit-e deňdigi bellenilýär. Bu enjamyň «Galaxy S24 Ultra» bolmagy mümkin.
Bu smartfon bazaryndaky rekord derejedir. Bu görkezijide iň ösen enjamlaryň biri – «iPhone 14 Pro Max» smartfonydyr – onuň iň ýokary ýagtylygy 2000 nit bolan paneli bar. Şeýle hem «Oppo Find X6 Pro-nyň» ekranyň ýagtylygy belli bir ýagdaýlarda 2500 nit derejä ýetip biler. Mälim ýaly, enjamyň ekrany Gün şöhlesi göni düşen ýagdaýynda ulanylanda iň ýokary ýagtylygy işjeňleşdirýär.
«SamMobile-iň» hünärmenleri «Samsung-yň»  öz smartfonlarynda OLED-paneliniň täze neslini ýerleşdirip biljekdigini bellediler. Şeýle-de bolsa, batareýanyň güýjüni tygşytlamak üçin kompaniýa ekranyň ýagtylygyny maksatnamalaýyn çäklendirip biler. «Samsung Galaxy S24 Ultra» 2024-nji ýylyň başynda çykarylyp bilner.


11.04.2026 14:59
7.6k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...