«Mançester Siti» 60 million ýewro täze oýunçy satyn aldy

  • 26.08.2023 13:59
  • 16k+

«Renniň» we Belgiýanyň ýygyndysynyň oýunçysy Jeremi Doku «Mançester Siti» toparyna goşuldy. Bu barada iňlis klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

Žurnalist Fabrisio Romanonyň sözlerine görä, "Siti" 21 ýaşly futbolçy üçin fransuz klubuna 60 million ýewro tölär. Bu futbolçy “Mançester Siti” üçin 11-nji belgide  oýnar.
Doku “Renn” üçin üç ýyl (2020-nji ýyldan bäri) oýnady. 2022/2023 oýun möwsüminde belgiýaly türgen ähli ýaryşlarda 35 oýna gatnaşdy, ýedi gol saldy we dört gezek netijeli pas berdi. Transfermarkt internet portalynyň habaryna görä, 21 ýaşly futbolçynyň çak edilýän bahasy 28 million ýewro.


düýn 23:41
2.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......